Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Şweý­sa­ri­ýa Kon­fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň wi­se-prezidenti, Da­şa­ry iş­ler fe­de­ral de­par­ta­men­ti­niň baş­ly­gy­ny ka­bul et­di

Şu gün hor­mat­ly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýew­ro­pa­da Howp­suz­lyk we Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­na baş­lyk­lyk ed­ýän Şweý­sa­ri­ýa Kon­fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň wi­se-prezidenti, Da­şa­ry iş­ler fe­de­ral de­par­ta­men­ti­niň baş­ly­gy In­ýa­sio Kas­si­si ka­bul et­di. 

Şweý­sa­ri­ýa Kon­fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň wi­se-prezidenti, da­şa­ry sy­ýa­sat eda­ra­sy­nyň ýol­baş­çy­sy bil­di­ri­len myh­man­sö­ýer­lik üçin döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za tüýs ýü­rek­den ho­şal­ly­gy­ny be­ýan edip, ÝHHG-niň dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gy we dur­nuk­ly ösü­şi üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len sy­ýa­sa­ty dur­mu­şa ge­çir­ýän Türk­me­nis­tan bi­len ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry pug­ta­lan­dyr­ma­ga uly gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän­di­gi­ni aýt­dy hem-de ýur­du­my­zyň hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mek bo­ýun­ça baş­lan­gyç­la­ry­na ýo­ka­ry ba­ha ber­di. Şeý­le hem myh­man Aş­ga­bat şä­he­ri­niň, “Awa­za” milli sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gy­nyň gö­zel bi­na­gär­lik keş­bi­niň özün­de ýa­kym­ly tä­sir gal­dy­ran­dy­gy­ny bel­le­di.

Hor­mat­ly Prezidentimiz hoş­ni­ýet­li söz­ler üçin min­net­dar­lyk bil­di­rip, ýur­du­myz­da bu sa­pa­ra Türk­me­nis­tan bi­len Ýew­ro­pa­da Howp­suz­lyk we Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň hem-de Şweý­sa­ri­ýa Kon­fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek­de mö­hüm tap­gyr hök­mün­de ga­ral­ýan­dy­gy­ny bel­le­di.

Du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da nyg­ta­ly­şy ýa­ly, Türk­me­nis­tan se­bit­de we dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gy, dur­nuk­ly ösü­şi üp­jün et­mek üçin hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy iş­jeň­leş­dir­mek ug­run­da çy­kyş ed­ýär. Şun­da ýur­du­myz ÝHHG-niň çäk­le­rin­de ta­gal­la­la­ry ut­gaş­dyr­ma­ga aý­ra­tyn äh­mi­ýet ber­ýär. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz hä­zir­ki wagt­da ýur­du­myz bi­len Ýew­ro­pa­da Howp­suz­lyk we Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­la­ryň ne­ti­je­li hä­si­ýe­ti­ni bel­läp, her ýyl Türk­me­nis­ta­nyň Hö­kü­me­ti bi­len bu gu­ra­ma­nyň Aş­ga­bat­da­ky mer­ke­zi­niň bi­le­lik­de taý­ýar­la­ýan hyz­mat­daş­lyk maksatnamalarynyň esa­syn­da iş­le­riň yzy­gi­der­li al­nyp ba­ryl­ýan­dy­gy­ny aýt­dy. Hor­mat­ly Prezidentimiz Türk­me­nis­tan­da adam hu­kuk­la­ry­ny, de­mok­ra­tik ýö­rel­ge­le­ri üp­jün et­mä­ge döw­let de­re­je­sin­de mö­hüm äh­mi­ýet be­ril­ýän­di­gi­ni nyg­tap, bu ugur­da de­giş­li iş­le­ri do­wam et­dir­mek we hal­ka­ra tej­ri­bä­ni öw­ren­mek mak­sa­dy bi­len, ýur­du­my­zyň Ýew­ro­pa­da Howp­suz­lyk we Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň çäk­le­rin­de hyz­mat­daş­ly­gy iler­let­me­gi mak­sa­da­la­ýyk ha­sap­la­ýan­dy­gy­ny aýt­dy.

“Bi­ziň ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri­niň dün­ýä ba­zar­la­ry­na howp­suz we yg­ty­bar­ly ibe­ril­me­gi­ni üp­jün et­mek, dur­nuk­ly yk­dy­sa­dy ösüş üçin şert­le­ri dö­ret­mek, ulag müm­kin­çi­lik­le­ri­mi­zi do­ly ulan­mak, daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak, suw se­riş­de­le­ri­ni re­je­li peý­da­lan­mak ýa­ly ugur­lar­da hem hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mä­ge oňyn şert­le­ri­miz bar” di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz aýt­dy hem-de Türk­me­nis­ta­nyň gel­jek­de-de dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gy, ösü­şi üp­jün et­mek ug­run­da ÝHHG bi­len hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mä­ge taý­ýar­dy­gy­ny tas­syk­la­dy.

Hor­mat­ly Prezidentimiz hä­zir­ki wagt­da Türk­me­nis­tan bi­len Şweý­sa­ri­ýa Kon­fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň ara­syn­da ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ryň al­nyp ba­ryl­ýan­dy­gy­na ün­si çe­kip, ýur­du­my­zyň sy­ýa­sy-dip­lo­ma­tik, söw­da-yk­dy­sa­dy, me­de­ni-yn­san­per­wer ugur­lar­da iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gy yzy­gi­der­li ös­dür­mä­ge gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän­di­gi­ni, bu ba­bat­da şweý­sar ta­ra­py­nyň anyk tek­lip­le­ri­ne se­ret­mä­ge taý­ýar­dy­gy­ny aýt­dy hem-de müm­kin­çi­lik­den peý­da­la­nyp, ýa­kyn­da bel­le­nip ge­çi­len Şweý­sa­ri­ýa­nyň Milli gü­ni my­na­sy­bet­li In­ýa­sio Kas­si­si we ýur­duň äh­li hal­ky­ny ýe­ne-de bir ge­zek gut­la­dy.

Myh­man gut­lag­lar üçin tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­di­rip, Türk­me­nis­ta­nyň alyp bar­ýan da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň dün­ýä nus­ga­lyk­dy­gy­ny bel­le­di hem-de Şweý­sa­ri­ýa­nyň öza­ra hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de ös­dür­mä­ge uly äh­mi­ýet ber­ýän­di­gi­ni tas­syk­la­dy.

Du­şu­şy­gyň ahy­ryn­da hor­mat­ly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Ýew­ro­pa­da Howp­suz­lyk we Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­na baş­lyk­lyk ed­ýän Şweý­sa­ri­ýa Kon­fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň wi­se-prezidenti, Da­şa­ry iş­ler fe­de­ral de­par­ta­men­ti­niň baş­ly­gy In­ýa­sio Kas­sis iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň mun­dan beý­läk-de ös­dü­ril­jek­di­gi­ne ynam bil­di­rip, bi­rek-bi­re­ge iň go­wy ar­zuw­la­ry­ny be­ýan et­di­ler.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi 

https://tdh.gov.tm/tk/post/49382/turkmenistanyn-prezidenti-sweysariya-konfederasiyasynyn-wise-prezidenti-dasary-ler-federal-departamentinin-baslygyny-kabul-etdi